Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
TDHÇMB
02.05.2024
05.06.2024
“Türkmengaz” DK maglumatlary toplaýyş ulgamyny gurmak üçin halkara bäsleşigiň deslapky saýlamasyny yglan edýär
"Türkmengaz" döwlet konserni tender toparynyň adyndan maglumatlary toplaýyş ulgamyny hem-de konserniň welaýatdaky önümçilik obýektleriniň merkezleşdirilen operatiw-dispetçerlik dolandyryş ulgamyny dolulygyna gurmak üçin halkara bäsleşigiň deslapky saýlamasyny yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" bilen tanyş bolmaly;
- Resminamalar we ýüýtütmalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş günüň dowamynda görkezilen salgy boýunça ýerli wagt bilen 18:00 çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan resminamalar kabul edilmeýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
(+99312) 40-32-40
Faks:
(+99312) 40-32-59
Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň