20.02.2021
03.04.2021

Daşoguz Halkara howa menzili awiabenzin bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Daşoguz Halkara howa menzili halk hojalygynda ulanylýan “An-2” kysymly uçara zerur bolan B-91/115 görnüşli awiabenzin hem-de “Aeroshel W120” görnüşli awia çalgy ýagy bilen milli manatda öz serişdesiniň hasabyna üpjün edip biljek edaradyr kärhanalary hem-de telekeçileri seçip almak üçin açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan edara-kärhanalar, telekeçiler çagyrylýar. (ofşor zolaklarda bellige alnan ýuridik şahslaryň teklibi kabul edilmeýär). Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly;
  • şertnamanyň esasy şertlerini we tehniki tabşyrygy almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin muzdsuz 1000 (bir müň) manatlyk (bank hyzmaty we GBüS-syz) töleg geçirmeli.

Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilenden soň, 30 (otuz) günüň dowamynda, iş günleri sagat 9:00-dan 16:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik üçin doly teklipler sürgüç möhür bilen tassyklanan bir sany ýapyk bukjada Daşoguz Halkara howa menziliniň umumy bölümine ugradylmaly. Bukjada sowalnamanyň, şertnamanyň şertleriniň («Word» formatda) hem-de tehniki-ykdysady ýöritenamanyň («Excel» formatda) elektron görnüşiniň bolmagy hökmanydyr.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 322 9-11-00, 9-00-58, faks 9-12-00.

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş.
Bulary hem okaň
2022