11.03.2021
20.03.2021

Daşoguz welaýat häkimligi potratçylary saýlap almak boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi Daşoguz şäheriniň Görogly köçesiniň ugrundaky ýaşaýyş jaý toplumynda gurulýan 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň daşky inžener ulgamlarynyň gurluşyk-gurnama işlerini welaýatyň şäherleriniň, şäherçeleriniň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin maksatlaýyn ýygymlaryň hasabyna ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri hakda maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 20-nji martyna, her iş güni sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 9-03-02, 9-03-14, faks: 9-30-85.

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş.
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022