13.03.2021
20.04.2021

“Demirýollary” ätiýaçlyk şaýlaryny almak boýunça tenderi gaýtadan yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti SKD kysymly otlylaryň ätiýaçlyk şaýlaryny almak boýunça

№ DÝ/AGPJ-014

açyk halkara tenderi gaýtadan yglan edýär.

 

Lot №1 – SKD kysymly otlylaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň

Tendere gatnaşmak isleýänler “Demirýollary” AGPJ edarasyna ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş we düzgün resminamalary, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
  • lot üçin 575 amerikan dollary möçberde (şeýle hem 75 amerikan dollary GBS) töleg töläp hasap belgisini almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salga ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda  1110 otagda (11-nji gat) kabul edilýär.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamyndai kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 38-32-31; 38-36-00; faks: 38-34-78.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 7
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022