07.06.2021
21.06.2021

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy turba kesýän maşyn almak boýunça tender yglan edýär

Şertnamanyň goşmaça Ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tehniki enjamlary satyn almak boýunça tender yglan edýär.

Lot 1 – SGP-li turba kesýän enjam (sanly gözegçilik programmasy bilen)

Lot 2 – Turbanyň kemçiliklerini anyklaýjy enjam

Tendere gatnaşmak üçin “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • tenderiň şertlerini almaly (tehniki talaplar).

Tendere gatnaşmak boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 14 (on dört) senenama günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Söwda teklipleri möhürlenen bukjada berilmeli.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 222 64366

Elektron salgysy:

b.halilulin@mail.ru

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylowa köçesi, 59
Bulary hem okaň