12.06.2021
23.07.2021

Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti ätiýaçlyk şaýlary satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komiteti nasoslar üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek boýunça HALKARA TENDERINI gaýtadan yglan edýär.

Lot № 1 – Nasos kuwwatly enjamlary we onuň üçin ätiýaçlyk şaýlary.

Lot № 2 – Elektrik enjamlary, kabel önümleri we materiallar.

Lot № 3 – Rulmanlar(podşipnik), metal önümleri, kebşirleýiş enjamlary.

Ähli gyzyklanma bildirýän tendere gatnaşmak üçin degişli ygtyýarnamasy bar bolan ýuridiki we fiziki şahslar şu aşakdakylary Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komitetine bäsleşik boýunça toparyna eltmeli:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, bellige alnan ýurdy we rekwizitleri;
  • her bir lot üçin 15% GBS-i hasaba almak bilen 920 (dokuz ýüz ýirimi) amerikan dollaryny ýa-da 3220 (üç müň iki ýüz ýigrimi) manat töleg töläp tender resminamalarynyň bukjasyny almaly;

Ýazmaça arzany Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komitetine ugratmaly.

Tendere gatnaşyjylary hasaba almak, hasaplary we tender resminamalarnyň bukjasyny bermek, arzalaryň kabul edilişigi 426, 424-nji otagda 23.07.2021 ýerli wagt bilen 10.00-18-00-a çenli geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon: 44-83-90, 44-83-60

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92
Bulary hem okaň
2022