22.06.2021
01.07.2021

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody potratçylary saýlap-seçip almak boýunça tender yglan edýär

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny sanly ulgama geçirmek we dünýä standartlaryna laýyk gelýän IT infrastrukturasyny döretmek üçin «Sanly resminama dolanyşygy» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça şu ugurdan tejribeli we ygtybarly potratçylary saýlap-seçip almak maksady bilen bäsleşik yglan edilýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • Gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • Edara kärhanalaryň maddy tehniki binýady barada maglumat;
  • Hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • Häzirki wagta çenli ýerine ýetirilen gurluşyk gurnama işleri barada maglumat.

Bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalar 2021-nji ýylyň 22-nji iýunyndan 1-nji iýula çenli sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

+99364214116

+99362163046

Türkmenistan, Lebap w, Seýdi ş.
Bulary hem okaň