Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilýän halkara forumda çykyş edip, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda gazanylan üstünliklere ýokary baha berdi.
Ärdoganyň sözlerine görä, Türkmenistan dünýäniň çalt ösýän ykdysadyýetleriniň birine öwrüldi. Ol baýramyň taryhy ähmiýetini belläp, türkmen halkyna çuňňur hormatyny bildirdi. Bu barada anna güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkiýäniň Prezidenti, türki halklaryň ata watany diýlip hormat goýulýan türkmen topragynda ýene-de bolmagynyň özi üçin aýratyn medetdigini belledi. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu ähmiýetli sene bilen tüýs ýürekden gutlap, 86 milliondan gowrak türk halkynyň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi.
Ärdogan çykyşynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň başlangyjy bilen BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde forumyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Şeýle hem iki doganlyk ýurduň taryhy, medeni hem ruhy kökleriniň berkdigini belläp, söwda, maýa goýumlary, energetika, ulag, goranmak hem-de ynsanperwer ugurlarda strategik hyzmatdaşlygyň ösýändigine aýratyn üns berdi.
Çykyşynyň ahyrynda Türkiýäniň Prezidenti forumyň döwletler arasynda parahatçylygy, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrjak möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.


















