16.09.2021
30.10.2021

Mary welaýat häkimligi gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär

Mary welaýat häkimligi aşakdaky desgalary gurmak boýunça tender yglan edýär:

1. Baýramaly etrabynyň Ýalkym geňeşliginiň Ýalkym obasynda 500 orunlyk orta mekdebi gurmak;

2. Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň Akýap obasynda 320 orunlyk täze çagalar bagyny gurmak;

3. Mary şäheriniň Bitaraplyk köçesiniň ugrunda 500 orunlyk täze orta mekdebi gurmak;

4. Mary etrabynyň S.Türkmenbaşy şäherçesinde 1 belgili, 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmak;

5. Ýolöten şäherine ýanaşyk Rahat geňeşliginiň çäginde 1 belgili, 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmak;

6. Murgap etrabynyň Murgap şäherinde 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmak;

7. Türkmengala etrabynda bir günde önümçilik kuwwatlylygy  25000 m3 bolan suw arassalaýjy desgany gurmak;

8. Oguzhan etrap merkezinde  bir günde kuwwatlylygy 15000 m3 suw arassalaýjy desgany gurmak;

9. Ýolöten şäherinde kuwwatlylygy 10000 m3 bolan lagym suwuny arassalaýjy desgany gurmak;

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýänlerden şu maglumatlar talap edilýär:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy baradaky maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden alan şahadatnamasynyň göçürmesi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 30-yna sagat 9:00-dan-18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

6-00-34

6-77-13

Turkmenistan,Mary welaýatynyň,Mary şäheriniň Türkmenabat köçesiniň 12-nji jaýy
Bulary hem okaň