23.10.2021
31.12.2021

TNGIZT wodorod önümçilik desgasyny gurmak boýunça halkara tender yglan edýär

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan TNGIZT-de wodorod önümçilik desgasynyň taslamasyny düzmek, gurmak, ony synagdan geçirmek we işe girizmek boýunça halkara tender yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin potratçylary saýlamak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • 1725 amerikan dollary möçberde tölegi töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.

Bäsleşigiň tehniki talaplary bilen www.tngizt.gov.tm/tenders internet saýtynda tanyşyp bilersiňiz.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden 60 iş günleriniň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 12:00 çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipleri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň HYG bölümine tabşyrmaly.

Bäsleşik resminamalary hasap belgisine pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilýär.

Söwda tekliplerini iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnamalar, ikinji bukjada bolsa söwda teklipleri görkezilen bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993243 9-60-48, 2-03-89

Faks:

+993243 2-11-49

Elektron salgysy:

tngizt@online.tm

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.
Bulary hem okaň