07.01.2022
31.01.2022

“Rysgal” PTB-y halkara audit barlagyny geçirmek boýunça tender yglan edýär

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky 2021-nji ýyl üçin maliýe hasabatynyň halkara audit barlagyny geçirmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmaga halkara auditor kompaniýalary çagyrylýar.Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • kompaniýanyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hem-de möhürlenen täjirçilik teklibi;
  • üýtgetmeleri we goşmaçalary bilen bilelikde, auditor kompaniýasynyň esaslandyryş resminamalarynyň nusgalary, kompaniýa baradaky maglumat, şeýle hem sertifikatlarynyň we ygtyýarnamalarynyň nusgalary.

Bäsleşik teklipleri 2022-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna, sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.

Audit barlagyny geçirmegiň gutarnykly bahasyna kanunçylyk namalarynda göz öňünde tutulan ähli salgytlar we ýygymlar, şeýle hem beýleki çykdajylar goşulan bolmaly.

Tekliplere 2022-nji ýylyň 1-nji fewralynda, sagat 10:00-da serediler.

Auditoryň netijenamasy 2022-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli tabşyrylmalydyr.

Täjirçilik teklipler elektron salgysy boýunça ýa-da ýapyk bukjada «Rysgal» PTB-a ugradylyp bilner.

Habarlaşmak üçin telefon belgimiz:

+993 12 96-46-16

Elektron salgysy:

admin@rysgalbank.com.tm

Türkmenistan, Aşgabat ş, köç. 1946 (Ankara), 23
Bulary hem okaň
2022