08.07.2022
19.08.2022

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi maslahat beriş hyzmatlaryny bermek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmagynda Daşoguz welaýatyndaky Şasenem suwaryş akabasynyň täze hanasyny hem-de suw howdanynyň taslama we gurluşyk işleri boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, tehniki gözegçiligi amala aşyrmak üçin halkara maslahat beriji edarany saýlap almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 19-njy awgustyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 12 44-46-64

+993 12 44-46-77

Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022