08.07.2022
11.08.2022

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi binalary düýpli abatlamak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ministrliginiň garamagyndaky medeni- jemgyýetçilik desgalaryny düýpli abatlamak üçin potratçyny saýlamak boýunça tender yglan edýär:

  1. Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň döwlet muzeýi
  2. Türkmen döwlet gurjak teatry
  3. Alp Arslan adyndaky Türkmenistanyň milli drama teatry
  4. B. Amanow adyndaky Türkmenistanyň döwlet çagalar kitaphanasy
  5. Türkmen döwlet medeniýet instituty
  6. 4-nji çagalar çeperçilik mekdebi
  7. Gypjakdaky medeniýet öýi
  8. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky köşk
  9. B. Kerbabaýewiň adyndaky itaphana
  10. Bagyrdaky medeniýet öýi

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş resminamalaryny, ynanç hatyny we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly

Bäsleşik teklipleri, bildiriş görkezilen salgyda çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-00-08

+993 12 44-00-32

Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 461-nji jaý
Bulary hem okaň
2022