03.12.2022
02.01.2023

Çuansin Buraw Inženerçilik kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär

Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň ýanyndaky jogapkärçiligi çäkli Çuansin buraw inženerçilik kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy barit konsentratyny we G klas HSR kysymly tamponaž sementini satyn almak boýunça №WZ-ZJCG-2211008-01 belgili tender yglan edýär

1. Bu bäsleşik açyk görnüşinde geçiriler we iki lota bölüner:

Lоt №1 - 6000 tonna barit konsentraty.

Lot №2 - 2000 tonna tamponaž sementi.

2. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar:

tenderiň adyny, nomerini, senesini görkezip hem-de bu tenderiň çap edilen neşirine salgylanyp arza tabşyrmaly
ähli gerekli tender işlerini ýerine ýetirmek hukugy boýunça ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty
kompaniýanyň doly adyny, onuň hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini, esaslandyryjy we ygtyýar hatlarynyň nusgalaryny görkezmek bilen tendere gatnaşyjy barada gysgaça maglumat bermeli;
gatnaşyjynyň bu ugurda iş tejribesi barada maglumat, hyzmatdaşlaryndan häsiýetnamalary, önümleri eltmegiň möhleti we şertleri, önümleri daşamagyň ugry, ulag görnüşi, gaplama görnüşi, karz ukyplylygy barada maglumat bermeli;
üpjün edilýän önümiň garaşsyz barlaghana tarapyndan geçirilen hil barlagynyň netijesi, gelip çykyş şahadatnamasy, hil şahadatnamasy we öndürijiniň önümleriniň hilini tassyklaýan beýleki şahadatnamalar;
bäsleşik üçin deslapky seçip alyş işine gatnaşyjynyň abraýy, şertnamany ýerine ýetirmek ukyby, özara gatnaşyklary utgaşdyrmak derejesi we harytlaryň ulanylyşynyň beýany we beýleki maglumatlar;
deslapky bäsleşige gatnaşyjylaryň her biri önümiň 3 nusgasyny bermeli (her nusgaň agramy 5 kg);

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar, bäsleşige degişli resminamlar, önüm nusgalary bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) senenama günüň dowamynda sagat 18.00 çenli ýazmaça görnüşde kabul edilýär.

Önümiň nusgalary yzyna gaýtarylmaýar.

3. Tender resminamasynyň satylýan senesi:

bäsleşik resminamalary we önümleriň nusgasy barlagdan geçip tassyklanandan soňra, tender topary tarapyndan bäsleşik resminamalryň satuwy geçiriler, her lotuň bahasy 100 (bir ýüz) ABŞ dollaryna barabardyr(salgytlary, ýygymlary we bank harajatlaryny hasaba almazdan).Töleg bankyň hasabyna pul geçirmesi arkaly amala aşyrylýar (bank maglumatlary aşakda görkezilýär). Töleg tenderi yglan edijiniň bank hasabyna pul serişdelerini geçirmek arkaly amala aşyrylýar.

Tender resminamasy satylandan soň 20-nji (ýigriminji) senenama güni, bu tender ýapylar.

Tender resminamalary satyn alnandan soň, dalaşgär bu bäsleşige resmi gatnaşyja öwrülýär we tenderi yglan ediji resmi gatnaşyjynyň wagtynda bäsleşik tejlibini tabşyrmadyk halatynda, bäsleşigiň saýlama kriteriýalaryna laýyk gelmeýän ýa-da beýleki ýagdaýlara görä tenderi ýeňmedik halatynda  hiç hili jogapkärçilik çekmeýär we tender tölegini yzyna gaýtarmaýar.

4. Bäsleşigi yglan edijiniň bank rekwizitleri:

Account Name: CNPC Chuanqing Drilling

Engineering Company Limited Turkmenistan Branch

Bank: The State Bank for Foreign Economic Affairs of Turkmenistan

Account No: (USD): 23203000220184200241000

Tax No: 101621005133

S.W.I.F.T.: SBFRTM22

Tender resminamalaryny satyn almak üçin töleg tassyklamasy tender topara tabşyrmaly ýa-da elektron poçta arkaly ibermelidir.

Jogapkär hünärmen: Annagulyýewa Maral

Telefon belgisi: 445200 (9533), +993 65-68-20-17

Elektron salgysy: ccdcttender@mail.ru

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, B blok, 405-nji otag
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022