2026: Türkmenistanda iri suw hojalyk taslamalary durmuşa geçiriler

BT
2026: Türkmenistanda iri suw hojalyk taslamalary durmuşa geçiriler
Bereket etrabynda täze suw howdanynyň açylyş dabarasy, 2021-nji ýylyň 11-nji awgusty, Balkan welaýaty, Türkmenistan.

Suw hojalygy we meliorasiýa ulgamyndaky iri taslamalar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň oba-hojalyk pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň birine öwrüler. Bu barada sişenbe güni çap edilen “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Ileri tutulýan ugurlaryň hataryna “Altyn asyr” türkmen köli, zeýkeş-zeýakaba suw ulgamlarynyň gurluşygy, kuwwaty 90 million kub metr bolan suw howdanynyň bina edilmegi, şeýle hem ýurduň ähli welaýatlarynda suwaryş ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy girýär.

Şeýle-de oba hojalyk pudagy boýunça Daşoguz welaýatynda suw geçirmeýän örtügiň düşelmegi, Şasenem kollektorynyň durkunyň täzelenmegi, şeýle hem Garagum derýasynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça işler meýilleşdirilýär.

Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi suwarylýan ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga we oba hojalyk ýerleriniň toplumlaýyn täzeden dikeldilmegine gönükdirilendir.

“Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” häzirki zaman we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem maldarçylygy ösdürmäge, iri we ownuk şahly mallaryň hem-de guşlaryň baş sanyny artdyrmaga, şeýle-de oba hojalygynda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylda oba hojalyk toplumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça strategik wezipeleri ýerine ýetirmegini dowam etdirer. Döwlet maksatnamasynyň çäginde oba hojalyk önümlerini öndürmäge, ekologik taýdan arassa çözgütleri ornaşdyrmaga hem-de ýerleriň melioratiw ýagdaýyny tapgyrlaýyn gowulandyrmaga aýratyn üns berler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС