09.12.2022
12.01.2023

“Türkmennebit” DK materiallary we enjamlary satyn almak boýunça gaýtadantender yglan edýär

“Türkmennebit” döwlet konserni Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar we hyzmatlar bilen üpjün edijileri (potratçylary) tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan aşakda görkezilen lot boýunça gaýtadan №63 belgili açyk halkara tender yglan edýär:

Lot №3 - Türkmenbaşy şäheriniň Ruhnama köçesinde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna degişli obýektlerde düýpli gurluşyk işlerini geçirmek üçin dört sany 40 otagly we 12 gatly 72 otagly ýaşaýyş jaýlary hem-de PS110/35/6kW "Ruhnama" podstansiýasy üçin zerur materiallary we enjamlary satyn almak

Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 575 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin belgileri:

+993 12 40-39-90

+993 12 40-39-93

+993 12 40-35-11

+993 (243) 9-66-44

+993 (243) 2-27-62

Faks:

+993 12 40-39-27

Elektron salgysy:

fer@turkmennebit.gov.tm

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
2022