17.01.2023
30.01.2023

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda geologiýa-gözleg işlerini geçirmek we guýulary işläp taýýarlamak üçin tehniki hyzmatlary bermek boýunça №CIT-22094-SR belgili tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri we telefon belgileri we kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat bermeli;
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň içinde bu ugurda alyp baran taslamalary barada maglumat bermeli;
  • Soňky 3 ýylyň dowamynda kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022