15.07.2024
26.08.2024

“Türkmengaz” DK maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Türkmengaz” döwlet konserni DK-niň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-026 belgili açyk tender yglan edýär. 

Lot № 2 - «Tehnologik enjamlar».

Tendere gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 500 amerikan dollary möçberde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almak bilen) töleg töläp, bäsleşik resminamalary almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.

Bellik: Bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasy hasaba pul serişdelerini geçirilenden soň berilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

(+99312) 40-37-39

(+99312) 40-37-40

(+99312) 40-37-41

(+99312) 40-37-42

Faks:

(+99312) 40- 37-45

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56
Bulary hem okaň
2022