19.01.2023
18.02.2023

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy halkara howa menzili açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça:

  1. Türkmenbaşy Halkara howa menziline bag ekmek üçin bölünip berlen ýer böleklerinde ekilen baglara gurnalan damjalaýyn suwaryş ulgamlarynda toplumlaýyn abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek.
  2. Türkmenbaşy Halkara howa menziline bag ekmek üçin bölünip berlen ýer böleklerinde ekilen baglary damjalaýyn suwarmak üçin 16mm diametrli polietilen turbalary satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar, telekeçiler, hususy kärhanalar ýüzlenme haty bilen aşakdaky resminamalary we maglumatlary hödürlemeli:

  • edara ýa-da kompaniýa barada gysgaça maglumat, hukuk derejesi, hasaba alnandygy barada resminamalary, ýuridik salgysy, kompaniýanyň jogapkär wekili, onuň el we iş telefony;
  • kompaniýanyň agzalan ugur boýunça bar bolan tejribesi hakynda maglumatlar;
  • bäsleşige gatnaşjak jogapkär wekiliň ynanç haty;
  • açyk görnüşli bäsleşige gatnaşmak üçin 500 (bäş ýüz) manady yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen tölemeli.

Bildiriş çap edilen gününden açyk bäsleşik boýunça teklipler 1 (bir) aýyň dowamynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär. Degişli resminamalar Türkmenbaşy halkara howa menziliniň Marketing we şertnamalar boýunça toparyna berilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+993 243) 3-06-62

(+993 243) 3-00-01

Türkmenbaşy şäheriniň Aeroport şäherçesi
Bulary hem okaň
2022