01.12.2025
05.12.2025

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy ýöriteleşdirilen ulagy abatlamak üçin materiallary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy KamAZ 43118 PPU 1600/100 kysymly ýöriteleşdirilen ulagy (ulagyň kuzowyny) abatlamak üçin materiallary satyn almak boýunça Russiýanyň pul birligi rublda we Türkmen manadynda №2025/45 belgili bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da www.oilgas.gov.tm web saýtynda çap edilen gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar iki nusgada, “A” we “B” bukjada tabşyrylmalydyr. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Ýazmaça arzalary ibermek üçin elektron salgysy:

KhalilulinBS@tatneft.tatar

Tender boýunça goşmaça maglumat almak üçin:

+993-65-83-18-99

Tehniki soraglar boýunça:

+993-62-74-18-80

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
Bulary hem okaň
2022