06.12.2025
18.12.2025

Daşoguz welaýat häkimligi alýuminiý sulfatyny we kaustik sodany satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi welaýatyň ilatyny agyz suwy bilen kadaly üpjün etmek maksady bilen, “Daşoguzşäheragyzsuw” hem-de “Köneürgençetrapagyzsuw” müdirliklerine gerek bolan alýuminiý sulfaty, anion polielektrolidi, kaustik soda we antiskalant bilen üpjün etmek üçin potratçylary seçip saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini we Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnanlygy baradaky maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • hödürlenýän baha teklipleri we degişli resminamalar.

Bäsleşik teklipleri 2025-nji ýylyň 18-nji dekabryna, sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Telefon belgisi:

(+993 322) 9-03-02

Faks belgisi:

(+993 322) 9-03-14

Daşoguz şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolynyň 10/1-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022