26.01.2023
10.02.2023

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy himiki serişdeleri satyn almak boýunça tender yglan edýär

Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy manatda aşakdaky lotlar boýunça №2022/29 belgili tender yglan edýär:

Lot №1 – buraw ergininiň analizi üçin himiki reagentler;

Lot №2 – natriý hloridi (nahar duzy);

Tendere gatnaşmak üçin “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • tenderiň tehniki talaplaryny almaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 14 (on dört) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 222 6-43-66

Elektron salgysy:

tatneft.tender@mail.ru

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
Bulary hem okaň
2022