30.04.2026
29.05.2026

Türkmenabat halkara howa menzili “Milestone” programma üpjünçiligini satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Türkmenabat halkara howa menzili wideogözegçilik ulgamy üçin “Milestone” programma üpjünçiligini satyn almak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär

1) Wideogözegçilik ulgamy üçin “Milestone” programma üpjünçiligi

Açyk görnüşli bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar, telekeçiler, hususy kärhanalar ýüzlenme haty bilen aşakdaky resminamalary we maglumatlary hödürlemeli:

  • kompaniýa barada gysgaça maglumat, hukuk derejesi, hasaba alnandygy barada resminamalary, ýuridiki salgysy, kompaniýanyň jogapkär wekili, onuň el we iş telefony;
  • kompaniýanyň agzalan ugry boýunça bar bolan tejribesi hakynda maglumatlar;
  • bäsleşige gatnaşjak kompaniýanyň jogapkär wekiliniň ynanç haty.
  • bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, kanuny ýagdaýyny görkezýän arzasyny bermeli, şeýle hem oňa gatnaşmak üçin ýüz tutujynyň bellige alyş we kanuny resminamalaryny görkezmeli. Arza berijiniň wekiliniň pasportunyň göçürmesi bolmaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen töleg tölenmeli (bu töleg yzyna gaýtarylmaýar).

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) günüň dowamynda, her gün sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly berilýär.

Resminamalar Türkmenabat halkara howa menziliniň marketing we şertnamalar bölümine tabşyrylýar.

Möhür bilen tassyklanan doly bäsleşik teklibi ýapyk bukjada görkezilen salga eltilmeli. Teklipler diňe bäsleşige gatnaşmak üçin töleg tölenenden soň seredilýär. Bäsleşik bukjasynda maglumatlaryň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (“Word” görnüşinde) hem-de tehniki we ykdysady spesifikasiýa (“Excel” görnüşinde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993(422) 9-46-78

+993(422) 9-47-03

Elektron salgysy:

turkmenabat.airport.int.dep@gmail.com

Türkmenabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesi
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022