21.02.2023
03.03.2023

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi himiki serişdeleri satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça tender yglan edýär:

Lot №1 - Däne ammarlaryndaky däneleri we däneli önümleri zyýansyzlandyryş fumigantlar. Karantin çäreleri üçin fumigantlar

Basleşige gatnaşmak üçin:

  • gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesinde agzalygy baradaky maglumatlary görkezip, bäsleşige gatnaşmak üçin arza tabşyrmaly;
  • “Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi üçin himiki serişdeler bilen üpjün edijileri, potratçylary saýlamak boýunça tender geçirmegiň düzgünleri” bilen tanyş bolmaly;
  • her lot üçin tender tölegi tölenenden soň, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly;
  • bäsleşigiň tehniki talaplaryny we lotlaryň spesifikasiýasyny almaly.

Bäsleşik teklipleri ministrligiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra seljeriler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+99312) 44-77-47

(+99312) 94-74-64

(+99312) 44-74-62

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92
Bulary hem okaň
2022