01.04.2026
01.05.2026

Balkan welaýat häkimligi himiki reaktiwleri satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Balkan welaýat häkimligi “Balkanwelaýatagyzsuw” birleşiginiň hem-de birleşigiň garamagyndaky müdirlikleriň barlaghanalaryna gerek bolan himiki reaktiwleri hem-de deňiz suwuny süýjediji desgalara zerur suwuklandyrylan kömürturşy gazy bilen üpjün edijini saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot №1 – “Balkanwelaýatagyzsuw” birleşiginiň we onuň garamagyndaky müdirlikleriň barlaghanalarynda himiki we bakteriologik barlaglary geçirmek üçin himiki reaktiwleri satyn almak.

Lot №2 – “Balkanwelaýatagyzsuw” birleşiginiň garamagyndaky “Türkmenbaşyagyzsuw” müdirligine degişli deňiz suwuny süýjediji desgalar üçin suwuklandyrylan kömürturşy gazyny satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça görnüşde ýüz tutup, gerek bolan harytlaryň sanawy we möçberleri baradaky maglumaty Balkan welaýat häkimliginden alyp bilersiňiz.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça görnüşdäki ýüztutma tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipleri 1-nji maýa çenli her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Telefon belgisi:

(+993 222) 6-00-89

Faks:

(+993 222) 2-00-28

Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022