Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Azerbaýjanyň sanly ösüş we ulag ministri Raşad Nabiýew özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.
Degişli meselä çarşenbe güni Baku şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Raşad Nabiýew bilen geçiren duşuşygynda garaldy.
Şol gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Baku şäherinde Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikaýyl Jabbarow bilen hem duşuşdy.
Taraplar energetika, ulag, logistika we üstaşyr geçelgeler ugurlarynda, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

















