13.02.2026
01.04.2026
“Türkmengaz” DK turba we metal önümleri satyn almak boýunça tender yglan edýär
TDHÇMB
09.03.2023
18.03.2023
Gyzylarbat etrap häkimligi ýaşaýyş jaýlary gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär
Gyzylarbat etrap häkimligi etrabyň Gyzylarbat şäheriniň demirgazyk-günbatar kiçi etrabynyň 13-nji ýaşaýyş jaý toplumynda raýatlar üçin bank karzlarynyň hasabyna 18 sany 1 gatly, 4 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna potratçy seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
- gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;
- soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat;
- edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat
- hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.
Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 18-nji martyna çenli her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
(+993 246) 5-03-06
(+993 246) 5-43-03
Faks:
(+993 246) 5-10-24
Gyzylarbat, Balkan welaýaty
Bulary hem okaň











