17.03.2023
20.04.2023

"Aşgabat şäher telefon ulgamy" ÝGPJ optiki-süýümli kabelleri satyn almak boýunça tender yglan edýär

"Aşgabat şäher telefon ulgamy" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti aşakdaky lotlar boýunça tender yglan edýär

Lot №1 - Optiki-süýümli kabeller bilen üpjün etmek

Lot №2 – GPON tehnologiýasy üçin optiki-süýümli kabelleriň aksesuarlaryny satyn almak

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, hukuk salgysy şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş resminamalaryny görkezmek bilen ýazmaça arza tabşyrmaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin 700 (ýedi ýüz) manat möçberde bellige alyş ýygymyny tölemeli (Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär);
  • bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Bäsleşik teklipleri aýratyn üç sany ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr:

  • Gatnaşyjynyň hasaba alyş resminamalary;
  • Taslamanyň tehniki beýany we üpjün edilmeli harytlaryň spesifikasiýasy;
  • Taslama boýunça baha teklibi.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 42-04-22

+993 12 49-58-00

Faks:

+993 12 42-13-33

Aşgabat ş., A.Nyýazow şaýoly, 104
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022