24.03.2023
27.03.2023

Daşoguz welaýat häkimligi bäsleşik yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Daşoguz şäherinde gurulýan ýaşaýyş jaýlar we desgalar toplumynyň çäginde gurulmaly Saglyk merkeziniň hem-de ýaşaýyş jaý toplumyna barýan agyz suw, elektrik geçiriji we içerki gaz geçiriji ulgamlarynyň gurluşygyny ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşykabatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 27-nji martyna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 322-9-03-02

+993 322 9-40-33

Faks:

+993 322 9-03-14

Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022