04.04.2023
15.05.2023

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi binalary düýpli abatlamak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ministrliginiň medeniýet we bilim edaralarynda düýpli abatlaýyş we ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyryş işlerini geçirmek üçin potratçyny saýlamak boýunça tender yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy baradaky maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 15-nji maýyna, sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-00-08

+993 12 44-00-32

Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 461-nji jaý
Bulary hem okaň
2022