06.04.2023
12.04.2023

Daşoguz welaýat häkimligi düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi welaýatyň bilim, terbiýeçilik edaralarynyň binalarynda ýangyn habar beriji we duýduryjy enjamlary oturtmaga, suw howdanlarynda, içerki ýangyn suw gidrantlarynda hem-de Şabat etrabyndaky 7, 42, 43-nji, Görogly etrabyndaky 16-njy, Boldumsaz etrabyndaky 52-nji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 15, 19, 20, 81-nji, Akdepe etrabyndaky 59, 63, 66, 106-njy orta mekdepleriň, şeýle hem Daşoguz şäherindäki 16, 26, 33-nji, Şabat etrabyndaky 8-nji, Akdepe etrabyndaky 1-nji çagalar baglarynyň binalarynda düýpli abatlamak işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 12-nji apreline, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 322-9-03-02

Faks:

+993 322-9-03-14

Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy, welaýat häkimligi
Bulary hem okaň
2022