15.04.2023
15.05.2023

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk serişdelerini satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär:

Lot №19 — ““Turkmendermansenagat” birleşiginiň derman kärhanalary üçin halkara talaplara laýyk gelýän dermanlyk çig mallary, derman önümçilik enjamlarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny, saglygy goraýyş maksatly, şeýle hem kömekçi serişdeleri satyn almak

Türkmendermansenagat birleşiginiň derman kärhanalary üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän çig mal, ätiýaçlyk şaýlary, lukmançylyk we kömekçi serişdeleri satyn almak

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 12 40-04-79

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022