28.04.2023
09.05.2023

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda önüdürilýän gaz kondensatynyň azyndan ýylda 75000 tonnasyny ýerlemek boýunça №CNPCIT-2023SC1 belgili tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • kompaniýanyň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan tendere gatnaşmak barada arza;
  • Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri we telefon belgileri we kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat bermeli;
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň içinde bu ugurda alyp baran taslamalary barada maglumat bermeli;
  • kompaniýanyň hasaba alyş resminamasy, ygtyýarlandyrylan wekile resminamalary tabşyrmak we kabul etmek üçin kompaniýanyň ynanç haty
  • Soňky 3 ýylyň dowamynda kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli;
  • sarp edijiler bilen iş gatnaşyklary, esasanam sebitdäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar bilen iş gatnaşyklary;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ýapyk bukjada iňlis we rus dillerinde tabşyrmalydyr. Goşmaça wekiliň ynanç hatyny hem-de ugrukdyryjy hatyny goşmaly. Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18:00-a çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Gylyjow Çaryýar

Telefon belgileri: + 993-12 44 -54-19; + 993-12 44 -53-06;

Faks: + 993-12 44 -55-51

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, 3-nji gat, 310-njy otag
Bulary hem okaň
2022