26.07.2023
08.08.2023

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy geofiziki barlaglary geçirmek boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasyndaky guýularda geofiziki barlaglaryny geçirmek boýunça №CIT-23063SR belgili tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, toplan tejribesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, bellige alnyşy we ygtyýarnamasy barada maglumat bermeli;
  • Kompaniýanyň Halkara bazarynda ýa-da Türkmenistanyň çäginde nebit-gaz pudagynda geofiziki barlaglary geçirmekde iş tejribesi barada gysgaça maglumat bermeli;
  • Kompaniýanyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda iş tejribesi barada maglumat;(eger bar bolsa);
  • Geçiriljek geofiziki barlaglarda ulanmak üçin meýilleşdirilen häzirki zaman enjamlarynyň (ýerüsti we ýerasty enjamlar we beýleki karotaž gurallary) 2012-nji ýylda ýa-da ondan soň öndürilendigini tassyklaýan hat;
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň şahadatnamasy;
  • Tehniki howpsuzlyk (ТБ, ОЗ и ООС) syýasaty we soňky 5 ýyl boýunça registrasiýasy.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022