06.09.2023
19.09.2023

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda arassalaýyş, kir ýuwmak we naharhana hyzmatlaryny bermek boýunça № CIT-23045-MR belgili tender yglan edýär

Bu bäsleşik 2 lota bölüner:

Lot №1 - B blogunyň günbatar bölegininde hem-de A blokdaky desgalarda arassalaýyş, kir ýuwmak we naharhana hyzmatlaryny bermek.

Lot №2 - B blogynyň gündogar bölegininde hem-de B blokdaky desgalarda arassalaýyş, kir ýuwmak we naharhana hyzmatlaryny bermek.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Gatnaşyjy lotuň belgisini we adyny görkezmek bilen, tendere gatnaşmak üçin arza tabşyrmaly.
  • Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, toplan tejribesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, bellige alnyşy we ygtyýarnamasy barada maglumat bermeli;
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýylda bu ugurda iş tejribesi barada maglumat.
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýylda maliýe ýagdaýy, şeýle hem soňky 3 ýylda tassyklanan we kepillendirilen maliýe hasabaty.
  • Kompaniýanyň tender işine gatnaşan halatynda bank kepilligini bermäge taýýarlygy barada resmi hat.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022