Aşgabat, Arçabil Şaýoly, 92 (otag. В 327)
TDHÇMB
22.09.2023
14.10.2023
"Türkmenhimiýa" DK halkara tender yglan edýär
“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan çig mal gorlarynyň esasynda ýokary hilli duz sortlarynyň önümçiligini guramak we olary gazyp alyş tehnologiýasyny saýlamak boýunça tehniki-ykdysady esasy işläp taýýarlamak üçin halkara tenderiň möhletini uzaldýar
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- bäsleşige gatnaşmak üçin GBS-i hasaba almak bilen 1725 (bir müň ýedi ýüz ýigrimi bäş) amerikan dollary möçberde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta kursy boýunça manat görnüşinde (Türkmenistandaky gatnaşyjylar üçin) töleg töläp, tender resminamalaryny almaly.
Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.
Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 20 (ýigrimi) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
(+99312) 39-01-62
(+99312) 39-01-58
Faks:
(+99312) 39-01-72
Elektron salgysy:
12.dep@turkmenhimiya.gov.tm
Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň