02.10.2023
13.11.2023

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça gaýtadan tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tehniki tabşyrygyna laýyklykda, Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 9 gatly, 54 öýli 8 sany hem-de 9 gatly, 36 öýli 12 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, 720 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdebi we seýilgähi gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 13-nji noýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-46-64

+993 12 44-46-77

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022