04.10.2023
26.10.2023

“Türkmenhowaýollary” agentligi asfalt beton ýollaryny we ýolagçy perronyny täzelemek boýunça tender yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentligi Mary halkara howa menziliniň çägindäki uçarlar üçin niýetlenilen asfalt beton ýollaryny hem-de ýolagçy perronyny täzelemek boýunça açyk görnüşli tender yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýäniň ýazmaça arzasy, doly ady, iş tejribesi, hukuk ýagdaýlary we bank rekwizitleri, arza berijiniň hasaba alyş we kanuny resminamalary, ynanç haty we pasport göçürmesi, telefon belgileri barada maglumatlary görkezmeli;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin ýerli kompaniýalar 1750 manat ýa-da daşary ýurt kompaniýalar 500 ABŞ dollar möçberde (goşulan baha üçin salgydy we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) töleg tölemeli. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär
  • bäsleşik boýunça tehniki ýumşy we reminamalary “Türkmenhowaýollary” agentliginiň 437 ýa-da 417 otagynda alyp bolar.

Bäsleşik teklipli bukjalar Türkmenhowaýollary” agentliginiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.

Bellik: ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär.

Ýerine ýetirilen işler üçin töleg milli walýutada - Türkmenistanyň manadynda amala aşyrylar.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 20 iş günüň dowamynda 16:00-dan 18:00 aralygynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň 437 ýa-da 417 otagynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipler kabul edilmeýär.

Telefon belgileri:

+993 12 44-30-38

+993 12 44-30-73

+993 12 44-31-91

A.Nyýazow şaýoly. 326, Aşgabat, Türkmenistan
Bulary hem okaň
2022