12.10.2023
18.10.2023

Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek boýunça tender yglan edýär

Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak hakynda” Kararyna laýyklykda binalaryň we inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçesiniň Üçdepe obasynda guruljak täze, döwrebap şäherçede:

— ýangyn howpsuzlyk bölüminiň binasyny, ge­ňeşligiň edara binasyny, 660 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, saglyk merkezini, şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlaryny, şeýle hem lagym suwlaryny süzüji meýdançany, şäherçä barýan we şäherçäniň içerki ýollaryny, daşarky, içerki elektrik ulgamlaryny gurmak we tekizleýiş işlerini geçirmek;

Sakarçäge etrabynyň Gümgüzer geňeşliginiň Garypata obasynda guruljak täze, döwrebap şäherçede:

— ýangyn howpsuzlyk bölüminiň binasyny, geňeşligiň edara binasyny, 720 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, saglyk merkezini, şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlaryny, şeýle hem lagym suwlaryny süzüji meýdançany, şäherçä barýan we şäherçäniň içerki ýollaryny, daşarky, içerki elektrik ulgamlaryny gurmak we tekizleýiş işlerini geçirmek;

Türkmengala etrabynyň Täze dünýä geňeşliginiň Kyrkişik obasynda guruljak täze, döwrebap şäherçede:

— ýangyn howpsuzlyk bölüminiň binasyny, geňeşligiň edara binasyny, 660 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, saglyk merkezini, şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlaryny, şeýle hem lagym suwlaryny süzüji meýdançany, şäherçä barýan we şäherçäniň içerki ýollaryny, daşarky, içerki elektrik ulgamlaryny gurmak we tekizleýiş işlerini geçirmek

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar we hususy kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy we tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri şu ýylyň 18-nji oktýabryna, sagat 18:00-a çenli kabul edilýär:

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (522) 6-06-21

+993 (522) 6-00-34

Faks:

+993 (522) 6-77-13

Mary şäheriniň Çärjew köçesiniň 12-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022