03.11.2023
13.11.2023

Daşoguz welaýat häkimligi kazyýet binalaryny gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2017—2021-nji we 2022­—­2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatyň Akdepe, Görogly we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň çäklerinde gurulmaly etrap kazyýetleriniň täze edara binalarynyň hem-de Daşoguz şäherinde Daşoguz welaýat kazyýetiniň maddy gymmatlyklarynyň saklanýan binasynyň gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşykabatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 13­nji noýabryna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 (322) 9-03-02

Faks:

+993 322 9-03-14

Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022