Daşoguz halkara howa menzili tender yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentligiň Daşoguz halkara howa menzili howa gämilerine hyzmat edýän tehnikalara we ýörite awtoulaglara zerur bolan “LektroAP8950SDB-AL-200” kysymly howa gämisiniň çekijisini, 4V-525AH görnüşli akkumulýator batareýany we “Orbiter 7,5 D” kysymly lentaly transportýory solenoid klapany bilen milli manatda öz serişdesiniň hasabyna üpjün edip biljek edaradyr kärhanalary hem-de telekeçileri seçip almak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly;
- şertnamanyň esasy şertlerini we tehniki tabşyrygy almaly
Bäsleşik teklipli bukjalar şu habar çap edilenden soň 30 (otuz) günüň dowamynda sagat 16:00-a çenli kabul edilýär.
Bellik: ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipler kabul edilmeýär.
Bäsleşik üçin doly teklipler sürgüç möhür bilen tassyklanan bir sany ýapyk bukjada Halkara howa menziliniň umumy bölümine ugradylmaly. Bukjada sowalnamanyň, şertnamanyň şertleriniň (“Word” formatda) hem-de tehniki ykdysady ýöritenamanyň (“Excel” formatda) elektron görnüşiniň bolmagy hökmanydyr.
Telefon belgileri:
+993 322 9-11-00
+993 322 9-00-58
Faks:
+993 322 9-03-31