10.11.2023
10.12.2023

“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy aşakdaky arza esasynda tender yglan edýär:

Arza №216 06.11.2023 – “Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Hazardaky şahamçasynyň ýangyn duýduryş ulgamyny täzelemek we tehniki hyzmat bermek

Tendere gatnaşmak üçin bildiriş çap edilen gününden 30 senenama gününiň dowamynda (ýerli wagt bilen 18.00 çenli) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  • dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we görkezilen salga ibermeli;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgy boýunça amala aşyrylýar:

1. 745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 62 59-22-31

+993 61 76-54-88

Elektron salgylary:

sergey.radko@mitromos.com

igor.savochkin@mitromos.com

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat ş
Bulary hem okaň
2022