11.01.2024
11.02.2024

Türkmenabat halkara howa menzili açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menzili sanawda görkezilen harytlar bilen üpjün etmek boýunça açyk bäsleşik yglan edýär:

  • dik suw sorujy, kuwwatlygy 55 kW (Germaniýanyň önümi «Siemens») — 2 (iki) sany;
  • dik suw sorujy, kuwwatlygy 15 kW (Germaniýanyň önümi «Siemens») — 3 (üç) sany;
  • elektro dwigatel, kuwwatlygy 90 kW (Russiýanyň önümi) — 1 (bir) sany;
  • elektro dwigatel, kuwwatlygy 18 kW (Russiýanyň önümi) — 1 (bir) sany.

Açyk bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar, telekeçiler, hususy kärhanalar ýüzlenme haty bilen aşakdaky resminamalary we maglumatlary hödürlemeli:

  • kompaniýa barada gysgaça maglumat, hukuk derejesi, hasaba alnandygy barada resminamalary, ýuridiki salgysy, kompaniýanyň jogapkär wekili, onuň el we iş telefony;
  • kompaniýanyň agzalan ugur boýunça bar bolan tejribesi hakynda maglumatlar;
  • bäsleşige gatnaşjak kompaniýanyň jogapkär wekiliniň ynanç haty;

Bildiriş berlen gününden açyk bäsleşige teklipler 1 (bir) aýyň dowamynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Degişli resminamalar Türkmenabat Halkara howa menziliniň marketing we şertnamalar bölümine berilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (422) 9-46-78

+993 (422) 9-47-03

Türkmenabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesi
Bulary hem okaň
2022