Çuansin buraw inženerçilik kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy inert materiallary satyn almak boýunça tender yglan edýär
Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň ýanyndaky jogapkärçiligi çäkli Çuansin buraw inženerçilik kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy inert materiallary satyn almak boýunça №WZ-ZJCG-20231225-01 tender yglan edýär
1. Bu tender açyk görnüşlidir.
2. Tender resminamalary deslapky saýlama tamamlanandan soň berler. Deslapky saýlama üçin gerekli resminamalar:
- köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp (gazetiň ady we berlen senesi) tenderiň belgisini we adyny görkezip, bäsleşige gatnaşmak üçin arza;
- ähli zerur amallary ýerine ýetirmek üçin ygtyýarly wekil üçin ynanç haty hem-de ygtyýarly wekiliň şahsyýetini tassyklaýan resminama;
- bu tender üçin deslapky gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, belgisi we senesi, bank rekwizitleri, hukuk salgysy/hakyky salgysy, hasaba alyş resminamalarynyň, ygtyýarnamalaryň, şahadatnamalaryň, şertnamalaryň göçürmeleri;
- gatnaşyjynyň bu ugurda iş tejribesi barada resmi maglumatlar, bellenen ýere ýükleri eltme mümkinçilikleri we wagty, olary daşama ugurlary, olary daşaýan ulag görnüşi, gaplamanyň görnüşi, ýagdaýy barada hyzmatdaşlardan teklip hatlary;
- üpjün ediljek önüm üçin garaşsyz abraýly edara ýa-da önümçilik barlaghanasy tarapyndan berlen synag/barlag hasabaty, gelip çykyş şahadatnamasy, hil şahadatnamasy we öndürijiniň önümleriniň hilini tassyklaýan beýleki şahadatnamalar;
- bu bäsleşige gatnaşyjy kärhana barada maglumat, şertnamany ýerine ýetirmek ukyby, önümiň ulanylyşynyň beýany we beýleki maglumatlar barada resmi maglumatlar;
4. Tender resminamalaryny bermegiň wagty: deskaply saýlawdan geçen potratçylara bäsleşik resminamalary bir nusgada berler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüztutma, deslapky saýlama üçin resminamalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda aşakda görkezilen salgyda kabul edilýär.
Elektron salgysy: ccdcttender@mail.ru
Jogapkär hünärmen: Annagulyýewa Maral
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 65 68-20-17
(9533) 44-52-00