“Aýdyň Gijeler” “KIDS EXPO” sergisinde çagalar üçin täze tehnologiýalary hödürledi

BT
“Aýdyň Gijeler” “KIDS EXPO” sergisinde çagalar üçin täze tehnologiýalary hödürledi
“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýetiniň öndüren Wi-Fi goldawly akylly gulplary (Surat: “Altyn asyr” elektron gazeti)

“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti “KIDS EXPO: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynda täze işläp taýýarlamalaryny, şol sanda multimediýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylan we çagalar üçin ýöriteleşdirilen stomatologik oturgyjyny we Wi-Fi goldawly akylly gulplary hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Stomatologik oturgyç sazlap bolýan direge berkidilen ekran bilen enjamlaşdyrylyp, bejergi wagtynda çagaň gözüniň öňünde ýerleşdirilýär. Ulgam multfilmleri, oýunlary we beýleki interaktiw mazmuny görkezmäge mümkinçilik berýär.

“Biz bu çözgüdi tapgyrlaýyn önümçilige goýbermegi meýilleşdirýäris. Bu planşet oýunlar we multfilmler bilen üpjün edilip, çagalaryň bejergi çärelerinden gorkmazlygyna, lukmanlar we ene-atalar üçin bolsa has amatly şertleriň döredilmegine mümkinçilik berer” diýip, “Aýdyň Gijeler” HJ-niň wekili Muhammet Hojamyradow belledi.

Şeýle-de kompaniýa Wi-Fi goldawly akylly gulplary hem öndürmegi meýilleşdirýär. Olar ene-atalara mobil goşundy arkaly çaganyň öýe giren-çykan wagtyny yzarlamaga hem-de gapyny uzakdan açmaga mümkinçilik berýär. Gulplary mobil goşundy, ýüzi tanamak, PIN-kod, barmak yzy ýa-da EM-karta arkaly açmak mümkin.

“Aýdyň Gijeler” HJ 2022-nji ýyldan bäri her ýyl birinji synp okuwçylary üçin döwrebap noutbuklary öndürmek boýunça döwlet sargydyny ýerine ýetirýär. Kärhanada bank we SIM-kartlardan, ýol yşyklaryndan, kabellerden we hasaplaýyş enjamlaryndan başga-da elektrik tehniki hem-de elektron önümleriniň 30-dan gowrak görnüşi öndürilýär.

“KIDS EXPO: Ähli zat çagalar üçin” sergisiniň çäginde kompaniýa ýaş gatnaşyjylara sanly we interaktiw oýunjaklardan, şeýle hem öwrediji audio ulgamlardan ybarat bolan ösüş toplumlaryny hödürledi. Işläp düzüjiler kiçi ýaşly çagalar üçin önümler taýýarlananda ekranyň öňünde geçirilýän wagty azaltmaga we el bilen duýup öwrenmäge mümkinçilik berýän interaktiw gatnaşygy artdyrmaga aýratyn üns berýärler.

2022
ENG TM РУС