Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda 2025-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berlen, keramogranit plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän “Eziz Doganlar Keramika” hojalyk jemgyýeti önümçiliginiň çägini giňeldip, ilkinji eksportyny Gruziýa amala aşyrdy.
Kärhananyň önümleriniň Gruziýa ilkinji tapgyrynyň iberilmegi onuň daşary ýurt bazarlaryna çykmak boýunça alyp barýan işleriniň täze tapgyra geçendigini görkezýär. Bu eksport ädimi Türkmenistanyň gurluşyk we senagat önümçiliginde gazanylýan ösüşleriň nobatdaky netijeleriniň biri bolup, ýerli çig mallardan öndürilýän keramogranit önümleriniň halkara gurluşyk we binagärlik talaplaryna, şol sanda ýokary hil we çydamlylyk ölçeglerine laýyk gelýändigini görkezýär.
“Eziz Doganlar Keramika” hojalyk jemgyýetiniň direktory Gadam Hoşwagtowyň bellemegine görä, kärhanada öndürilýän keramogranit plitalary ýokary berkligi, suw geçirmezligi we uly agrama çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem olar döwrebap binagärlik bezegleri üçin niýetlenip, gurluşykda giňden ulanylýan keramika önümleriniň häzirki zaman talaplaryna dolulygyna laýyk gelýär.

Häzirki wagtda importyň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýan “Eziz Doganlar Keramika” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda bu ugurdaky ýeke-täk öndüriji hökmünde içerki bazary keramogranit plitalary we sanfaýans önümleri bilen dolulygyna üpjün edýär. Onuň daşary ýurt bazarlaryna çykmagy Türkmenistanyň senagat eksportynyň ösdürilmegine goşant goşmak bilen, Günorta Kawkaz ýurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Mundan ozal, “Eziz Doganlar Keramika” hojalyk jemgyýeti türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşyp, özüniň keramogranit, keramiki plitalar we sanfaýans önümleri bilen tanyşdyrdy. Hojalyk jemgyýetiniň wekilleriniň maslahatyň dowamynda Gruziýanyň işewür toparlary bilen geçiren duşuşyklarynda kärhananyň önümlerine uly isleg bildirildi.
Kärhana Türkmenistanda senagat önümleriniň önümçiligini ösdürýän hususy kärhanalaryň biri bolup, öndürýän önümleriniň görnüşlerini giňeltmek we halkara bazarlaryna çykarmak boýunça degişli işleri alyp barýar.
“Eziz doganlar keramika” hojalyk jemgyýeti bilen habarlaşmak üçin:
Telefon belgileri: +(993 12) 753577, 753578
Elektron salgysy: info@ed-keramika.com

















