Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
TDHÇMB
22.02.2024
01.03.2024
Daşoguz welaýat häkimligi elektrik ulgamlaryny düýpli abatlamak boýunça tender yglan edýär
Daşoguz welaýat häkimligi Daşoguz şäheriniň Türkmenistan köçesiniň 18a, 20, 22, 22/1, 24 nji ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik ulgamlaryny düýpli abatlamak işlerine potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
- gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;
- häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat;
- edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
- hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.
Bäsleşik teklipleri 2024-nji ýylyň 1-njy martyna, sagat 18:30-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
+993 (322) 9-03-02
Faks:
+993 (322) 9-03-14
Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1 jaýy
Bulary hem okaň