“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti Hytaýyň “Inspur Group Co., Ltd” kompaniýasy bilen bilelikde türkmen dilini goldaýan emeli aň (EA) elementleri bilen enjamlaşdyrylan roboty işläp taýýarlaýar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, taýýarlanylýan enjamyň nusgasy penşenbe güni Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda tanyşdyryldy.
Şeýle hem bu ýerde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan ekspozisiýa bilen tanyşdy.
Din Sýuesýan türkmen tarapynyň robototehnika ulgamyndaky işläp taýýarlamalaryna hem-de türkmen dilindäki emeli aň binýadynyň döredilmegine ýokary baha berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu taslama Türkmenistanda emeli aňy ornaşdyrmak boýunça ilkinji çözgütleriň biri hökmünde garalýar we geljekde milli robototehnikanyň ösüşi üçin esas bolup biler.
Aýdyň Gijeler kompaniýasy 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň goldawy bilen döredildi we ol ýokary tehnologiýaly önümçiligi ösdürmekde ýöriteleşýär. Kärhana hytaý elektron enjamlaryny öndürijiler bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

















