28.02.2024
01.04.2024

Türkmenistanyň Söwda we Daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi sport iýmitini satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Söwda we Daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenleri üçin sport iýmitini we ýörite iýmit goşundylaryny satyn almak boýunça açyk tender yglan edýär

Lot No.1 - Sport iýmiti we ýörite iýmit goşundylary

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her lot üçin 500 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bäsleşik teklipleri 2024-nji ýylyň 1-nji apreline ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-64-21

+993 12 44-64-16

Faks:

+993 12 44-65-08

Aşgabat ş, Arçabil şaýoly, 52
Bulary hem okaň
2022