01.03.2024
07.03.2024

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy himiki reagentleri satyn almak boýunça tender yglan edýär

Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy himiki reagentleri satyn almak boýunça tender yglan edýär:

  1. “Gerkules 54505” kysymly neýtralizator
  2. “Gerkules 30617” kysymly korroziýa garşy ingibitor
  3. “Gerkules 1017" kysymly de-emulgator

Bäsleşik teklibinde her önümiň 1 (bir) tonnasynyň bahasyny manatda hem-de ABŞ-nyň dollarynda görkezmeli, şeýle hem gowşuryş wagtyny görkezmeli.

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjada gatnaşynyň adyny, alyjyny, bäsleşigiň yglan edilen senesini we üpjün edilmeli önümleriň atlaryny görkezmeli, oňa gol çekmäge doly ygtyýarly adam gol çekmeli we möhürini goýup tabşyrmaly.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 222 6-43-66

Elektron salgysy:

tatneft.tender@mail.ru

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 150-nji kwartal, 59-njy jaý
Bulary hem okaň
2022